Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly ynsanperwer adyl syýasaty netijesinde türkmen döwleti öz asyl häsiýetine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen paýhas ýörelgelerini öňe sürýär. Alym Arkadagymyz «Hoşmeýilli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» diýip, bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belleýär. Türkmen halky sagdyn ýörelgelere eýerip, öz asyl ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, olary durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşdyrypdyr.
Türkmen döwletiniň saýlap alan Bitaraplyk ýörelgesi öňe sürlen ilkinji günlerinden dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýasynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi we goldady. Bu Rezolýusiýa Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we goldamaga, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrýar. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde saldamly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen döwleti häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz meseleleri bolan halkara energetika howpsuzlygyna, ähli ýurtlaryň durnukly ösüşini gazanmaklyga saldamly goşant goşýar. Sebitimizde we Günorta Aziýada parahatçylygy, ylalaşygy we ösüşi üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýe boljak Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy türkmen döwletiniň parahatçylyksöýüji, ynsanperwer syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Şu hem biziň döwletimiziň ýakyn we alys ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklara girmegine we serhediniň dost-doganlyk serhede öwrülmegine esaslary döretdi. Türkmen Bitaraplygynyň täsirliligi, onuň aýratynlyklary bilen bagly bolup, ýurdumyzyň taryhyny, geografik we geosyýasy ýagdaýyny, türkmen halkynyň asylly däplerini şöhlelendirýändigini bellemeli.
Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgeleri ýaýýan taglymat bolup, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüji häsiýetiniň, şeýle hem goňşular we alys döwletler bilen parahatçylykly hem-de ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr. Dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda şu hili çemeleşmeler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny soňky döwürde hil taýdan täze derejä çykardy. Agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistan döwleti halkara hyzmatdaşlygyna açyklygy bilen meşhurlyga eýe bolýar. Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty bilen pugta baglanyşyklydyr. Dünýäde dostlukly gatnaşyklaryň berkemegi barada tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwrenji-mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.