ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry En­to­ni Blin­ken As­ta­na­da C5+1 for­mat­da Mer­ke­zi Azi­ýa we ABŞ ýurt­la­ry­nyň mi­nistr­ler mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Re­şid Me­re­dow bi­len du­şuş­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň web sa­hy­pa­syn­da­ky ha­bar­da aý­dyl­ýar.
Ame­ri­kan dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy ABŞ-nyň Türk­me­nis­ta­nyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na, Ga­raş­syz­ly­gy­na we çäk bi­te­wi­li­gi­ne gol­da­wy­ny tas­syk­la­dy.
Blin­ken ame­ri­kan-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­dan gow­rak wagt bo­lan­dy­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Döw­let sek­re­ta­ry Türk­me­nis­ta­nyň C5+1 dip­lo­ma­tik mas­la­ha­ta gat­na­şan­dy­gy we bir­nä­çe mak­sat­na­ma bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­ýän­di­gi üçin kär­de­şi­ne ho­şal­lyk bil­dir­di.
Ta­rap­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş, howp­suz­lyk we yk­dy­sa­dy­ýet ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.