26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, onuň döwletliligini we hukuk esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ulgamlaýyn esasda pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny has-da işjeňleşdirmek, döwletimiziň halkara giňişlikdäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylda amala aşyrylan giň gerimli işler hem munuň aýdyň mysalydyr.
Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşary syýasy ugur boýunça dürli derejede möhüm çäreler geçirildi. Olar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir.
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan örän wajyp halkara resminamalaryň kabul edilendigini aýdyp, ýakynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamalary muňa mysal hökmünde görkezdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny we bu ýylyň dowamynda köp sanly halkara çäreleriň geçirilip, möhüm ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigini belledi. “Ýakynda bolsa ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.