Şu gün, 3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen geldi.
BMG-niň Baş sekretarynyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Ýokary derejeli myhman bu ýerde resmi adamlar tarapyndan garşylandy.
Jenap Antoniu Guterrişiň bu möhüm maslahata gatnaşmagy onuň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrýar we oňa gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna ýardam berer.