16-njy aprelde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” boýunça Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri” şygary astynda geçiriler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji forumy BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler. BMG-niň giň gerimli çäreleriniň çäklerinde ýaşlar forumynyň guralmagy oňyn däbe öwrüldi. Bu forumyň dowamynda ýaş liderler ählumumy gün tertibini ilerletmegiň täze ýollary barada pikir alşarlar, bu bolsa giňişleýin parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmekde olaryň gyzyklanmalarynyň we pikirleriniň has giňden göz öňünde tutulmagyna uly goşant goşar.
Ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde başy başlanan bu başlangyç, sebitleýin howpsuzlyk meseleleri we ýaşlaryň parahatçylyk syýasatyna goşulyşmagy boýunça pikir alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança öwrülýär.
Duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýär. Çäräniň iş dili hökmünde iňlis dili saýlanyldy.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” baradaky Kararnamasynyň ilkinji onýyllygynyň jemlerini jemlemek, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Dialogyň işiniň binýatlyk guralyşyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitiň durnukly ösüşine ýardam berjek, bilelikdäki taslamalary işläp düzmek wezipeleri forumyň esasy maksatlaryny düzdi.
Parahatçylyk medeniýetini emele getirmekde bilimiň orny, sebitdäki ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda ynamy berkitmek, Durnukly ösüş nukdaýnazaryndan jemgyýetçilik innowasiýalary meseleleri duşuşygyň gün tertibinde öz beýanyny tapar.
Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň, şeýle hem ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygynyň toruny giňeltmek, täze bilelikdäki başlangyçlary ýola goýmak hem-de Dialogyň institusional taýdan berkidilmegi, şol sanda onuň sebit ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmeginiň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Ählumumylaşmanyň we maglumat tehnologiýalarynyň çalt ösýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlary hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we tejribe alyşmak işlerinde işjeňlik görkezýärler. Bu ugurda Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogy ýaly başlangyçlar sebitiň döwletleriniň arasynda ähmiýetli köpri bolup çykyş edýär.
Çeşme: education.gov.tm