Şu gün 3-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdak galdyryş dabarasy geçirildi. Bu dabara, her on ýylda bir gezek geçirilýän we hiç hili deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan global forumyň taryhy ähmiýetiniň beýanyna öwrüldi.
Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary derejeli wekili Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistan birnäçe wagtdan bäri bu ýokary derejeli maslahatyň üstünlikli geçirilmegi üçin uly jogapkärçilik bilen ähli zerur taýýarlyk çärelerini geçirdi. Munuň özi, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyny halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramakda we pugtalandyrmakda, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandaty berlen ählumumy halkara platforma hökmünde garaýandygynyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Dabaranyň açylyşynda Ýokary derejeli wekil Rabib Fatima gatnaşyjylara ýüzlenip “Hyzmatdaşlyk arkaly öňe gidişlige itergi bermek” temasy astynda geçjek adaty däl çäräniň 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara hem-de olaryň 600 million ilatyna bolan jogapkärçilikdigini belledi. Rabab Fatima bu ýokary derejeli çäräni geçirmekde beren goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine şeýle-de türkmen tarapyna çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Mundan başga-da, ol BMG-niň ähli kärdeşleriniň ýadawsyz tagallalaryna çuňňur minnetdarlygyny aýtdy.
BMG-niň ýokary derejeli wekiliýeti bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä bazaryna birikmegindäki päsgelçilikleri aradan aýyrmakdaky ähmiýetine ünsi çekip, esasy ýörelgeleriň parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we hiç kimi yzda galdyrmazlykdygyny nygtady.