«Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ki­çi göw­rüm­li «A320» uça­ry dün­ýä­de iň köp ön­dü­ril­ýän ho­wa gä­mi­si bol­dy. Şeý­lelikde bu uçar iň köp ön­dü­ri­len uçar re­kor­dy­ny hem tä­ze­le­mä­ge ýa­kyn­laş­dy. Hä­zi­re çen­li iň köp ön­dü­ri­len uçar «Boeing 737» ha­sap­lan­ýar. Em­ma bu uça­ryň ön­dü­ri­lip baş­la­nan wag­ty «Air­bus A320»-den has ir.
«Air­bus A320» uça­ry­nyň il­kin­ji­si 1988-nji ýyl­da «Air France» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­na gow­şu­ryl­ýar. Em­ma şol ýyl «Boeing 737»-niň önüm­çi­li­gi­ne eý­ýäm 20 ýyl bo­lup­dy. Bu iki uça­ryň önüm­çi­li­gi hä­zir­ki wagt­da hem do­wam et­di­ril­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zi­re çen­li «Air­bus» je­mi 12 müň 155 sa­ny «A320» uça­ry­ny müş­de­ri­le­ri­ne gow­şu­ryp­dyr. «Boeing» bol­sa, 12 müň 175 sa­ny «737» uçar ön­dü­rip­dir. Ara­da­ky ta­pa­wu­dyň gel­jek aý­da ýa­pyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Dün­ýä­dä­ki ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny «A320» we «737» uçar­la­ry eme­le ge­tir­ýär. «Air­bus»-yň ýan­gy­jy has tyg­şyt­ly sarp ed­ýän «A320neo» mo­del­le­ri­ne is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy «Boeing 737»-ler­den öňe geç­me­gi­ne se­bäp bol­dy.

Aý­lar ORAZ­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.