Geçen hepdede Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi. Olaryň arasynda işewürlik duşuşyklary hem bar. Norwegiýanyň Türkiýäniň, Özbegistanyň we Müsüriň awiakompaniýalary “Boeing” uçarlaryny almak üçin ylalaşdylar.
Norwegiýanyň “Norwegian” kompaniýasy amerikan uçar öndürijisinden goşmaça 30 uçar sargyt edendigini mälim etdi. Awiakompaniýa mundan ozal, 2022-nji ýylda 50 sany “737 Max 8” sargyt edipdi. Howa gämileriniň 2031-nji ýyla çenli gowşurylmagyna garaşylýar. Awiakompaniýa Ýewropadaky ýaýrawyny giňeltmegi maksat edinýär.
Türkhowaýollary bolsa, 50 sany anyk uçar sargyny berdi. Awiakompaniýa goşmaça 25 sany uçary hem almaga meýillidigini mälim etdi. Uçarlar “B787-9” we “B787-10” modellerine degişli bolar. Şeýle hem türk awiakompaniýasy 100 sany “737-8/10MAX” uçaryny almagy meýilleşdirýär.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde “Boeing” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Brendan Nelson bilen duşuşdy. Taraplaryň arasynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde Özbegistanyň awiakompaniýasyna 22 sany “Boeing 787 Dreamliner” uçarynyň gowşurylmagy hem bar. Şertnamanyň bahasynyň jemi 8,5 milliard dollardygy mälim edildi.
Müsüriň “EgyptAir” kompaniýasy bolsa, ABŞ-nyň “Air Lease Corporation” kompaniýasyndan 18 uçary kärendesine alar. Şeýlelikde, “EgyptAir” geljek ýylyň ýanwarynda ilkinji “Boeing 737-MAX” howa gämisini kabul eder.