63-nji Bolonýa çagalar kitap sergisi (Bologna Children’s Book Fair) 2026-njy ýylyň 13-16-njy apreli aralygynda Italiýanyň Bolonýa şäheriniň “BolognaFiere” sergi merkezinde geçiriler.
Serginiň esasy maksatlarynyň biri zehinli illýustratorlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Serginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu ýyl çagalar edebiýatynyň illýustratorlarynyň bäsleşigine 94 ýurtdan 4 158 sany arza gelip gowuşdy. Guramaçylyk komitetine jemi 20 790 sany illýustrasiýa ugradylyp, olaryň diňe 317-si final tapgyryna geçmegi başardy.
2026-njy ýylda emin agzalary 31 ýurtdan jemi 75 sany ýeňijini kesgitlediler.
Ýeňijileriň işleri Çagalar edebiýaty sergisiniň her ýylky katalogynda çap ediler. Serginiň guramaçylary: “Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän neşirýatlar özleri üçin gyzykly illýustratorlary tapmak maksady bilen bu katalogy gözden geçirýärler” diýip belleýärler.
Bolonýa çagalar edebiýaty sergisi — çagalar edebiýaty dünýäsindäki iň iri wakadyr. Ol ilkinji gezek 1967-nji ýylda geçirilipdi. Çagalar illýustrasiýalarynyň sergisi bu çäräniň merkezinde durýar. Her ýyl saýlama bäsleşigiň ýeňijileriniň işlerinden düzülýän bu ekspozisiýa çagalar illýustrasiýasynyň ösüşine uly goşant goşýar.
PDF









