UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň jogap duşuşyklarynyň ilkinji 2-si oýnalyp, 2 ýarym finalçy belli boldy.

Myhmançylykda 4-0 hasabynda utulan “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Barselondan” üstün çyksa-da, bu olara ýarym final üçin ýeterlik bolmady. Ýer eýeleri 11-nji minutda Seru Girassiniň penalti goly bilen hasaby açdy. Dortmundlylar 2-nji ýaryma-da gol bilen başlap, umumy hasaby deňlemäge bolan umytlaryny hasam artdyrdylar. 49-njy minutda Girassi 2-nji goluny geçirdi. Ýöne 54-nji minutda sag gapdaldan geçirilen hüjümde Rami Bensebaini topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizip, nemes klubunyň futbolçylarynyň barja umydyny puja çykardy. 76-njy minutda Girassi het-trigini tamamlasa-da, 3-1 hasabynda ýeňiş dortmundlylara ýarym final üçin ýeterlik bolmady. Barselonadaky oýunda döredilen amatly pursatlaryň iň bolmanda birinde top derwezä giren bolsada, onda jogap oýny hasam başgaça bolup bilerdi.

Şeýlelikde, iki oýnuň netijesi boýunça “Barselona” 5-3 hasabynda öňe saýlanyp, ýarym finala çykmagy başardy. 2019-njy ýyldan soň ilkinji sapar iň gowy 4 toparyň arasyna adyny ýazdyran “Barselona” Çempionlar Ligasynda 12-nji, umumylykda-da şu ýaryşda 18-nji gezek ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.

“Barselona” topary 2025-nji ýyla geçip, ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 24-nji duşuşygynda, 20 ýeňiş 4 deňlikden soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şol bir wagtyň özünde bu toparyň derwezeçisi Şensnynyň hem klubdaky ilkinji ýeňlişi hökmünde bellige alyndy.

Möwsümdäki 12-nji het-trik

Geçen ýylyň finalçysy “Borussiýa Dortmund” bolsa bu gezek çärýek finaldan yzyna gaýtdy. Gollarynyň sanyny 13-e ýetiren Seru Girassi bu ugurda sanawyň birinji ornuna geçdi. Ol Çempionlar Ligasynda 1 möwsümde 13 gol salan ilkinji afrikaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Girassiniň bu het-trigi Çempionlar Ligasynyň şu möwsüminde bellige alnan 12-nji het-trik boldy.