Gör­şi pes adam­la­ryň oka­ma­gy we ýaz­ma­gy üçin mö­hüm bo­lan oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri hem Braýl elip­bi­ýi­dir. Duý­gy bi­len oka­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bu ýö­ri­te ul­gam XIX asyr­da dö­re­di­le­ni bä­ri gör­mek­den mah­rum bo­lan mil­li­on­lar­ça ada­ma mag­lu­mat el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Eý­sem, Braýl elip­bi­ýi we onuň aý­ra­tyn­ly­gy nä­me? Braýl elip­bi­ýi nä­çe ny­şan­dan yba­rat?
Tä­ze­lik­ler­dir mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­mak adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi we ýa­şa­ýyş üçin der­wa­ýys gu­ral­la­ryň bi­ri­dir. Dün­ýä­de adam­la­ryň amat­ly şert­ler­de ýa­şa­ma­gy üçin bir­nä­çe oý­lap ta­pyş­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem gör­me­ýän adam­la­ryň mag­lu­mat­lar­dyr kä­bir şert­li bel­gi­ler bi­len ta­nyş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän Braýl elip­bi­ýi­dir. Harp­la­ry, san­la­ry we hat­da kä­bir aý­ra­tyn ny­şan­la­ry bar­mak­la­ryň ujy bi­len duý­mak­ly­ga esas­lan­ýan bu ul­gam us­sat­ly­gy ta­lap ed­ýän oka­mak we ýaz­mak usu­ly­na esas­lan­ýar.
Braýl elip­bi­ýi fran­suz pe­da­go­gy Lui Braýl (1809-1852ý.) ta­ra­pyn­dan 1824-nji ýyl­da gör­me­ýän adam­la­ra oka­ma­ga we ýaz­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ýö­ri­te na­gyş ul­ga­my hök­mün­de iş­le­nip dü­zül­ýär. Al­ty no­kat­ly ul­ga­ma esas­lan­ýan, bar­mak­la­ryň ujy bi­len du­ýup okal­ýan bu elip­biý­de her harp, san we dyn­gy bel­gi dür­li no­kat saz­la­şy­gy­na esas­lan­ýar. Bu ul­gam gör­me­ýän adam­lar üçin, esa­san hem, bi­lim, ede­bi­ýat, aý­dym-saz we ma­te­ma­ti­ka ýa­ly ugur­lar­da uly öw­rü­li­şik dö­ret­di. Braýl elip­bi­ýi di­ňe bir harp­la­ry däl, eý­sem, saz bel­gi­le­ri­ni (no­ta), ma­te­ma­tik amal­la­ry we hi­mi­ki for­mu­la­la­ry hem öz içi­ne al­ýan uly ul­gam­dyr. Hä­zir­ki wagt­da köp dil­ler üçin uý­gun­laş­dy­ry­lan gör­nüş­le­re eýe bo­lan Braýl elip­bi­ýi lift düw­me­le­ri, der­man gu­tu­la­ry we jem­gy­ýet­çi­lik ýol bel­gi­le­ri ýa­ly köp ýer­ler­de, şeý­le hem çap edil­ýän ki­çi­räk ma­ka­la­lar­da ula­nyl­ýar.
Braýl elip­bi­ýi 64 dür­li ny­şan­dan yba­rat. Bu ny­şan­lar 2 sü­tün­de we 3 ha­tar­da ýer­leş­di­ri­len 6 no­kat­dan yba­rat. Her bir ny­şan 1-den 6 no­ka­dyň dür­li saz­la­şy­gy bi­len dö­re­dil­ýär. No­kat­la­ryň ýer­leş­di­ril­me­gi we ter­ti­bi san­la­ry, harp­la­ry we dyn­gy bel­gi­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Braýl elip­bi­ýi­niň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy ýö­ne­keý we tä­sir­li gur­lu­şa eýe bol­ma­gy­dyr. Braýl elip­bi­ýin­de söz­ler gys­gal­dy­lan gör­nüş­de ýa­zyl­ýar. Bu bol­sa gör­me­ýän adam­la­ryň mag­lu­mat­la­ry we bel­gi­le­ri çalt oka­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bar­mak ba­syp okal­ýan bu elip­biý­de san­lar harp­lar­dan aý­ra­tyn­lyk­da gör­ke­zil­ýär. My­sal üçin, söz­de ýo­kar­ky sag gy­ra­da ýa­zy­lan üç no­kat () D har­py­ny aň­lad­ýar. San bel­gi­sin­de bol­sa 4 bel­gi­ni aň­lad­ýar.
Gys­ga­ça ta­ry­hy
Braýl elip­bi­ýi XIX asyr­da Fran­si­ýa­da Lui Braýl ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. 1809-njy ýyl­da dog­lan Lui Braýl 3 ýa­şyn­da­ka ýol he­läk­çi­li­gi se­bäp­li gör­mek­den mah­rum bol­ýar. Gör­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan or­ta we ýo­ka­ry bi­lim alan Braýl özü­ne hö­dür­len­ýän okuw usu­ly­nyň tä­ze gör­nü­şi­ni oý­lap tap­ma­ly­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip baş­la­ýar. Şol dö­wür­ler gör­me­ýän adam­lar üçin no­kat­ly harp­lar ula­ny­lyp­dyr. Em­ma bu ul­gam örän çyl­şy­rym­ly bo­lup, oka­mak­da kyn­çy­lyk dö­re­dip­dir. Lui Braýl has ýö­ne­keý we ama­ly ul­ga­ma eýe bo­lan, her har­py we san­la­ry di­ňe 6 no­kat ula­nyp ýa­zyp we okap bol­ýan elip­bi­ýi iş­läp düz­ýär. Braý­lyň 1824-nji ýyl­da 15 ýa­şyn­da­ka oý­lap ta­pan elip­bi­ýi hä­zir­ki gün­ler­de hem öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär.