Braziliýaly ýarymgoragçy Lukas Paketa Ýewropadaky 7 ýyllyk başdan geçirmesini tamamlap, ilkinji klubuna dolandy. 28 ýaşyndaky oýunçy özüniň ilkinji kluby “Flamengo” bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. “Flamengo” topary Paketanyň transferi üçin onuň öňki kluby “West Ham” toparyna 41 million ýewro berer.

2016-2019-njy ýyllar aralygynda “Flamengoda” oýnan Paketa 2019-njy ýylyň ýanwarynda “Milana” transfer boldy. 1,5 ýyldan soň “Liona”, 2 möwsümden soňam “West Hama” transfer bolan Paketa klublarda 358 oýunda 63 gol geçirdi.

Ol Braziliýanyň milli ýygyndysynda 61 duşuşykda 12 gezek tapawutlandy.