Fransiýanyň “Marsel” topary Obameýangdan soň “Feýenoord” toparyndan braziliýaly hüjümçi Igor Paişaony hem düzümine goşdy. Fransuz kluby 25 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, onuň transfer tölegi hökmünde 30+5 million ýewrony niderland toparyna berer. Braziliýanyň “Koritiba” hem-de “Londrina” klublarynda oýnan Paişao “Feýenoordda” 3 möwsümde 129 oýunda 39 gol geçirdi. Ol “Marselde” 14-nji belgiden oýnar.