UEFA Çempionlar Ligasynda “Milan”–“Feýenoord” duşuşygyndan sähel wagt soň başlanan “Atalanta” bilen “Klub Brýuggeniň” arasyndaky oýunda-da garaşylmadyk netije ýüze çykdy. Belgiýada 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Klub Brýugge” eýýäm 3-nji minutda öňe saýlandy. Bu goly Çemsdin Talbi öz adyna ýazdyrdy. Ol 27-nji minutda ýene bir gezek tapawutlanyp, hasaby 2-0-a çykardy. Şondan soň hüjümleriniň sanyny hasam artdyran ýer eýelerine yzly-yzyna geçiren urgularynda ilki sütünden, soňra derwezeçidir goragçylardan geçmek başartmady. Duşuşygyň 45+3-nji minutynda-da garşylyklaýyn hüjümde 1-nji oýunda-da tapawutlanan Ferran Žutgla 3-nji pökgini hem italýan klubunyň derwezesinden girizdi.
2-nji ýaryma “Atalanta” Ademolu Lukmanyň 46-njy minutdaky goly bilen başlap, ýeňşe sary umytlandy. Lukman 61-nji minutda bellenen penaltini dürs urup, toparyny hasam ruhlandyryp bilerdi. Ýöne onuň urgusyny derwezeçisi saklamagy başardy. Oýnuň 87-nji minutynda “Atalantadan” Rafael Toloi professionallyga gelişmeýän hereketi üçin gyzyl kart aldy. Netijede, bu oýunda 3-1, umumylykda-da 5-2 hasabynda asgyn gelen Ýewropa Ligasynyň soňky çempiony “Atalanta” şowly başlan ýaryşynda 1/8 finalyň bosagasyndan gaýtdy. Duşuşykda “Atalanta” 30 gezek gola ymtylyp, olaryň derwezä tarap geçiren 11 takyk urgusy netije bermedi. Bergamolylaryň şonça urgusy hem derwezäniň daşyna gitdi. “Klub Brýugge” topary 2022/23 möwsüminden soň taryhynda 2-nji sapar 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.