Hindistanly ýazyjy Banu Muştagyň «Heart Lamp» (Ýürek-çyra) atly kitaby Halkara Buker baýragyna eýe boldy. Baýragyň web saýtynyň maglumatlaryna görä, taryhda ilkinji gezek baýrak romana däl-de, hekaýalar toplumy üçin berildi. Kitapda 12 hekaýa ýerleşdirilip, musulman zenanlaryň we Hindistanyň günortasynda ýaşaýan azlyk wekilleriň, ýagny dalit zenanlaryň durmuşy barada gürrüň berilýär. Banu Muştak özüniň çetleşdirilen jemgyýetleriň we zenanlaryň durmuşyna gatnaşýandygyny gürrüň berdi. Ýazyjy zenanyň aýtmagyna görä, ol hekaýalarynyň köpüsi üçin pikirleri öňdebaryjy aýal-gyzlaryň çagyryşlaryndan aldy. Muştak diňe bir aklawçy bolman, eýsem, zenan hukuklaryny goraýjy görnükli aktiwistdir.
1990-2023-nji ýyllar aralygynda ýazylan hekaýalar Hindistanyň resmi dilleriniň biri bolan kannada dilinde ýazylypdyr. Ýurduň gündogarynda we günbatarynda ýaýran bu dilde 65 million töweregi adam gepleýär. Ýürekdeşligi we ýiti gülki duýgusyny döredýänligi üçin ýygynda ýokary baha berildi.
Banu Muştak 50 müň funt sterling möçberdäki baýragy (67 müň dollardan gowrak) kitabyny iňlis diline terjime eden Dipa Bhasti bilen deň paýlaşar. Ol Halkara Buker baýragyny alan ilkinji hindi terjimeçisi boldy.
Halkara Buker baýragy dünýäde 2004-nji ýylda döredilen iň abraýly edebiýat baýraklaryň biridir. Ol her ýyl dünýäniň dürli künjeginden eserleri iňlis diline terjime edilen we Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen kitaplaryň awtorlaryna berilýär.
Merdan Gaýypnazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.