Süýji suw ýaşaýyş üçin iň möhüm çeşmeleriň biri bolup, Ýer ýüzüniň hemme ýerinde deň derejede elýeterli däl. Käbir ýurtlar köllere, derýalara we buzluklara baý bolsa, käbir ýurtlar onuň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bütindünýä banky ýurtlar boýunça täzelenip bilýän süýji suw çeşmeleri barada maglumatlary ýaýratdy.
Maglumatlara görä, süýji suw Ýer togalagynyň umumy suwunyň bary-ýogy 3 göterimini emele getirýär, suwuň köp bölegi buzluklarda we ýerastynda saklanýar.
Braziliýa (Dünýädäki süýji suw gorlarynyň 13 göterimi) Amazon basseýniniň kömegi bilen dünýäde täzelenip bilýän süýji suw gorlarynyň möçberi boýunça birinji orny eýeläp, dünýädäki derýa akymlarynyň, takmynan, bäşden bir bölegini emele getirýär.
Dünýädäki süýji suw gorlarynyň 10 göterimden gowragy Russiýada bolup, müňlerçe derýada, kölde, şol sanda dünýäniň doňmadyk süýji suwunyň 20 göterimini öz içine alýan Baýkal kölünde saklanýar.
Süýji suw gorlarynyň 6,7% Kanadanyň çäklerinde bolup, ýurtda Demirgazyk Amerikanyň ýerüsti süýji suwlarynyň, takmynan, 84 göterimini öz içine alýan Uly köl ýaly iki milliondan gowrak köl bar.
Ýer ýüzündäki süýji suwuň 6,6% Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolup, Missisipi, Kolorado we Kolumbiýa ýaly esasy derýa ulgamlary millionlarça ilaty suw bilen üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, suw ýetmezçiligi barha çynlakaý meselä öwrülýär, esasan hem, günorta-günbatarda suwly ýerler azalýar.
Hytaýyň süýji suw gorlary uly bolsa-da, ýurduň hemme ýerinde deň däl – günortada demirgazyga garanyňda has köp ýagyş ýagýar. Ýanszy derýasy oba hojalygyny, senagaty we 400 milliondan gowrak adamy üpjün edýän ýurt üçin möhüm suw gorudyr.