Her ýylyň 10-njy dekabrynda sportuň iň köp tomaşaçyly, şowhunly görnüşi bolan futbolyň Bütindünýä güni giňden bellenip geçilýär. BMG tarapyndan yglan edilen Bütindünýä futbol güni sportuň bu görnüşine göwün beren janköýerleriň jebisligini gazanmak maksady bilen esaslandyrylýar. Ata Watany Angliýa hasaplanýan, öz gözbaşyny resmi taýdan 1863-nji ýyldan alyp gaýdýan bu owadan oýun bilen gyzyklanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda 211 agzasy bolan FIFA (Halkara Futbol Federasiýasy, 1904-nji ýylda esaslandyrylan) düzüminde millionlarça futbolçyny jemleýär. Bütindünýä futbol gününde toparlaryň arasynda oýunlar guralýar, bäsleşikler geçirilýär.
Futbolyň taryhyndan. Futbol barada ýazylan ilkinji maglumatlara gaty irki döwürlerde – iki müň ýyl mundan ozalky hytaý ýazgylarynda duş gelmek bolýar. «Aýak bilen top oýnamak» diýlip atlandyrylan bu oýun ilkibaşda garym-gatym oýnalypdyr. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, iki ýarym müň ýyl mundan ozal gadymy Gresiýada we Rimde hem «top üçin söweş» atly oýun oýnalypdyr. Bu oýun söweş sungaty arkaly ýerine ýetirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu oýun iňlis medeniýetine ornaşýar. Soňlugy bilen futbol (aýak topy) diýlip atlandyrylan bu oýun düzgünleşdirilip başlanýar. Oýunçylar iki topara bölünýär, ýörite egin-eşik we aýakgap geýilýär. 1801-nji ýylda iňlis ýazyjysy Jozef Stratt häzirki zaman futbolynyň esaslaryna meňzeş oýnuň düzgünlerini «Sport we güýmenje» atly kitabynda suratlandyrýar. 1863-nji ýylda futbol düzgünleri resmi taýdan kabul edilýär hem-de Angliýada Futbol Assosiasiýasy döredilýär. 1891-nji ýylda Angliýanyň Demirgazyk we Günorta toparlarynyň arasyndaky oýunda ilkinji gezek tor ulanylýar.