Her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni adam saglygynyň gymmatyny nygtamak we jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Bu sene 1948-nji ýylda döredilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen berk baglanyşyklydyr. Guramanyň döredilen güni bilen baglylykda, bu baýramçylyk dünýä jemgyýetçiligini saglyk meselelerine ünsi güýçlendirmäge çagyrýar.
«Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Her ýyl bu gün belli bir tema bagyşlanýar. Bu temalar dürli keselleriň öňüni almak, saglyk, sagdyn iýmitlenmek ýa-da fiziki işjeňlik ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Şeýle çäreler diňe saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň däl, eýsem, ähli jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýär.
Saglyk diňe keseliň ýoklugy däl, eýsem, adamyň beden, ruhy we durmuş taýdan doly abadançylykda bolmagydyr. Şonuň üçin saglygy goramak diňe bir lukmanlaryň işi däl, eýsem, her bir adamyň öz jogapkärçiligi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi üçin şu şertler aýratyn ähmiýetlidir. Olar arassa daşky gurşawdan, dogry iýmitlenmekden, yzygiderli fiziki işjeňlikden, ruhy deňagramlylykdan we zyýanly endiklerden daşda durmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda oturyp işlemek we hereketiň azlygy köp keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin gündelik fiziki işjeňlik hökmanydyr. Günde azyndan 30 minut gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak (ýoga, ýüzmek, ylgamak), irden beden maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Fiziki işjeňlik ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, semizlikden goraýar we ruhy ýagdaýy gowulandyrýar.
Saglyk diňe şahsy däl, eýsem, jemgyýetçilik gymmatlygydyr. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler sagdyn jemgyýetiň esasyny düzýär.
Köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu aýda geçirilýän bu çäreler ýaş nesliň bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmaga we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge hyzmat edýär. Aprel aýynyň dowamynda geçirilýän halkara sport maslahatlary bolsa, ýurdumyzyň sport diplomatiýasyndaky ornuny has-da berkidýär.
Bütindünýä saglyk güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, adamlary saglygyň gymmaty barada oýlanmaga iterýän möhüm pursatdyr. Her bir adam öz saglygyny goramak üçin gündelik durmuşynda sagdyn ýörelgeleri berjaý etmeli.
Jemal Kadyrowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









