Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçiriler.
Ol gün jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda dürli maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada 28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bu çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.