Eziz Diýarymyzda il saglygy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň saglygy barada döwletimiziň edýän aladasyndan nyşandyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginiň Kararnamasy esasynda 2018-nji ýylyň 3-nji iýunyndan bäri Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Bu Kararnama ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmäge, daşky gurşawyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýäni, saglyk hereketini we sporty mundan beýläk-de ösdürmäge berilýän ünsüň netijesidir. Welosiped binasy Aşgabadyň özüne çekiji ýerlerinden biridir. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän welosiped ýörişleriniň ugurlary şu ýerden başlaýar.
BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge ägirt uly goşant goşýandygyny görkezýär. Ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşi bolan welosipediň ulanylmagy daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, saglygyň goralmagyna we sportuň ösmegine ýardam edýär. Bularyň hemmesi BMG-niň 2015-nji ýylda kabul eden Durnukly ösüş ugurlary bilen gabat gelýär. Şeýle-de bolsa, welosiped ulag serişdesi hökmünde 200 ýyl bäri ulanylýar. Bu ulag taryhyň dowamynda kämilleşdirilip, zenanlar, çagalar we hereketleri çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrylypdyr. Şeýle-de welosipediň öndürilişi beýleki motorly ulag görnüşleriniň tehniki binýadynyň döredilmegine goşant goşupdyr.
Welosipediň ulanylýan ugurlary üç esasy kategoriýa bölünýär:
Adam we ýük daşamak serişdesi hökmünde. Meselem, käbir ýurduň poçta hyzmatlary we saglygy goraýyş işgärleri, esasan-da, oba ýerlerinde, öz işlerinde welosipedi ulanýarlar; polisiýa hem-de ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem welosiped ulanýarlar.
Welosiped sporty. Şeýle görnüşli we toparlaýyn ýaryşlar Olimpiýa sport görnüşleriniň hataryna girýär. Dünýäniň dürli künjeginde dürli derejedäki ýaryşlar guralýar.
Dynç alyş üçin ulanylýar. Häzirki wagtda köp ýurtda welosiped meşhur ulag serişdesi bolup durýar. Welosiped syýahatçylygy hem uly meşhurlyga eýedir.
Bellenilmeli zatlaryň ýene biri, dünýäde welosipedleriň meşhurlygyny artdyrmak syýasaty uzak wagt bäri alnyp barylýar. Şäherlerde welosiped ýodajyklary we degişli infrastruktura döredilýär, welosiped kärendesine berilýän ulgamlar ýola goýuldy. Şeýle syýasat ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam berýär.
Her ýylyň maý aýynyň ikinji şenbesinde Niderlandlarda welosiped sürüjileriniň güni bellenilýär.
Welosiped sporty taryhynda ilkinji gezek 1868-nji ýylyň 1-nji maýynda bellige alyndy. Şol gün Parižiň etegindäki Sen-Klu şäherçesinde 2000 metr aralykda ilkinji welosiped ýaryşy geçirildi. Bir ýyl soňra Pariž–Ruan aralygynda ýaryş geçirildi, bu iki şäheriň arasyndaky aralyk 120 kilometr. Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji welosiped ýaryşy 1896-njy ýylda Afinyda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 87 kilometr aralygynda geçirilipdi.
Şu mysallar welosiped we welosiped sportunyň adamzat taryhynda möhüm orun alandygynyň subutnamasydyr. Biziň döwletimiziň şeýle möhüm başlangyjy öňe sürmeginiň özi hem özboluşly ýagdaý bolup durýar.
Orazgül ŞYHYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.