Şu gün 20-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde 55-nji Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady. Her ýylda geçirilýän bu çäre köp sanly dünýä liderleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, işewürler we alymlar gatnaşýarlar. Bu ýylyň temasy “Intellektual döwürde hyzmatdaşlyk” diýlip atlandyrylýar. Maslahatyň dowamynda geoykdysady näbellilikler, emeli aň, ösüş prosesini täzeden gözden geçirmek we planetany goramak, şeýle hem beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu çärä 130-dan gowrak ýurtdan üç müň töweregi adam, şol sanda 60 döwlet we hökümet Baştutany gatnaşýar. Olaryň arasynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Hytaý Halk Respublikasynyň wise-premýeri Din Sýuesýan, Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril Ramafosa we Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes bar. ABŞ-nyň saýlanan Presidenti Donald Trampyň wideo baglanyşygy arkaly maslahata goşulyşjakdygy habar berilýär.
Mundan başga-da, foruma Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Sutter, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bangladeş hökümetiniň baş geňeşçisi Muhammad Ýunus, Belgiýanyň Premýer-ministri Aleksandr De Kroo, Kongo Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Feliks-Antuan Tşisekedi Tşilombo, Müsüriň Premýer-ministri Mostafa Madbuli we Yragyň Prezidenti Abdulatif Raşid, Irlandiýanyň Premýer-ministri Saýmon Harris, Ysraýylyň Prezidenti Isak Gersog, Niderlandlaryň Premýer-ministri Dik Şof, Palestina döwletiniň Premýer-ministri Mohammed Mustafa we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý gatnaşýar.
Şeýle-de maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BSG-niň baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala, HPG-niň baş müdiri Kristalina Georgiýewa we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rýutte ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar. Şeýle hem Dawosda geçiriljek maslahata BSGG-niň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň dolandyryjysy Ahim Ştaýner gatnaşýar. Foruma 1600-den gowrak işewür, şol sanda, Bütindünýä Ykdysady Forumyna agza kompaniýalaryň we hyzmatdaşlaryň 900-den gowrak ýolbaşçylary we başlyklary gatnaşýar.
“Duşuşykda raýat jemgyýetlerinden we jemgyýetçilik pudaklaryndan 170-den gowrak lider – kärdeşler arkalaşyklarynyň, hökümete dahylsyz guramalaryň, dini we ýerli jemgyýetleriň wekilleri, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, ylmy barlag institutlarynyň we seljeriş merkezleriniň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşýar.
Dawosda 1971-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Islendik meseläni resmi däl ýagdaýda maslahatlaşmak mümkinçiligi forumyň iň esasy üstünlikleriniň biridir. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň 1000-den gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýarlar. Şeýle hem guramanyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygy baradaky hasabatlary her ýylda mälim edip durýarlar. Onuň býujeti foruma gatnaşyjylaryň geçirýän agzalyk gatançlarynyň we serişdeleriniň hasabyna döredilendir.