7-nji iýuly – 4-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “C5+Opening Networks in English” (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde 27 mugallym bar.
C5+ONE Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bilim ojaklarynyň, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we hususy pudagyň hünärmenleri üçin döredilen sebitleýin iňlis dilini öwretmek maksatnamasydyr. Maksatnama ileri tutulýan ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler üçin ýörite işlenip düzülýär hem-de sebitleýin we halkara çärelere gatnaşmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Maksatnamanyň esasy wezipesi, iňlis dili mugallymlarynyň hünär bilim derejelerini ýokarlandyrmakdan, sebitleýin we dünýä jemgyýetçiligi bilen has çuňňur hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçiligi bermekden ybaratdyr. Bu maksatnama, iňlis dilini çuňňur öwrenmek boýunça okuwlary, milli we sebitleýin okuw seminarlaryny, webinarlary we onlaýn aragatnaşyklary, hünär derejesini kämilleşdiriş, halypalyk we beýleki hünär gatnaşyklary öz içine alýar.
C5+ONE maksatnamasy adam kapitalynyň ösüşinde hem möhüm rol oýnaýar. Sebitleýin integrasiýa, medeni we ynsanperwer gatnaşyklar, abadan geljege goşant goşmak üçin zerur bolan gurallar we torlar bilen enjamlaşdyrmak bu maksatnamanyň wajyp aýratynlyklaryndandyr.
Maksatnama özara bagly bolan üç tapgyrdan ybaratdyr:
1-nji tapgyr: Onlaýn okuw sapaklary – 13-nji maýdan 9-njy iýun aralygynda (20 sagat).
2-nji tapgyr: Almaty şäherinde 8-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda (146 sagat) dowam edýän işjeň okuw seminarlary.
3-nji tapgyr: Torlaýyn aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk we hünär kämilleşdiriş – 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maýy aralygynda (80 sagat).
Iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşyjylar häzirki wagtda bilimlerini we başarnyklaryny işjeň kämilleşdirýärler. Bu sebitleýin okuw maslahaty iňlis dilini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny, amaly we ussatlyk sapaklaryny hödürleýär. Okuwlaryň çäginde mugallymlar özara tejribe alyşýarlar we iňlis dilini öwretmegiň iň oňat tejribelerini, şeýle hem innowasion tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan mekdep okuwçylaryna we talyplara ýokary hilli bilim bermek barada bilimlerini özara paýlaşýarlar. Sapar tamamlanandan soň türkmen mugallymlary, iňlis dili hünärlerini kämilleşdirip, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik edinerler, özara tejribe alyşarlar we hyzmatdaşlygy ýola goýarlar hem-de we iňlis dilini okatmagyň milli usulyýetine öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrar.