Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan ýaş nesiller üçin ynsanperwerligiň beýik nusgasy hökmünde hereket edýär. Gaznanyň mümkinçilikleri esasynda haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Ýakynda Gaznanyň goldaw bermeginde Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan 7 ýaşly çaga Gülnara Rahymbaýewanyň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde bejergi aldy. Dogabitdi ýürek kemisligi, garynjykara germewiniň deffekti kesel kesgitlemesi bar bolan ýaş çaga bu ýerde ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgik operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operatiw bejergiden soň çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly.
Şeýle hem şu günler Aşgabat şäheriniň dikeldiş bejergilere mätäç körpeje ýaşaýjylarynyň ikinji tapgyry Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergide bolup, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.