ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda çärýek finalçylaryň 4-si belli boldy.
2 brazil klubunyň duşuşygynda – “Palmeiras” bilen “Botafogonyň” arasyndaky oýunda ýeňijini goşmaça wagtda geçirilen ýeke-täk gol kesgitledi. Esasy wagty golsuz tamamlanan oýunda “Palmeiras” topary Paulinionyň 100-nji minutdaky goly bilen “Botafogony” 1-0 hasabynda ýeňdi.
Esasy wagtda ýeňijisi kesgitlenmedik başga bir duşuşykda “Benfika” bilen “Çelsi” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda iňlis topary Riis Jeýmsiň 64-nji minutda salan goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne portugal topary Anhel Di Mariýanyň 90+5-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda hasaby deňledi. Goşmaça wagtda-da londonlylar has erjel oýun görkezdi. 2-nji 15 minutlykda 3 gol geçiren “Çelsiniň” adyndan Nkunku (108), Neto (114) hem-de Dýusburi-Holl (117) tapawutlanmagy başardy. Netijede, “Çelsi” 4-1 hasabynda üstün çykyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy. Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda “Benfika” topary meýdançada 1 oýunçy kem galdy.
Super ýyldyz Lionel Messiniň öňki hem-de häzirki klublarynyň, ýagny PSŽ bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky oýunda parižlilere uly hasaply ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. Eýýäm 1-nji ýarymda jogapsyz 4 gol geçiren fransuzlar 2-nji ýarymda oýnuň depginini az-owlak peseltdiler. Ilkinji gezek öňki toparyna garşy meýdança çykan Messiniň häzirki klubunyň derwezesinden ýeňiş gollaryny Ruben Neweş (6, 39), Awiles (44 ö.d.) hem-de Aşraf Hakimi (45+3) geçirdi.
4 golly ýeňiş gazanan 3-nji topar “Bawariýa” boldy. Maýami Gardens şäherinde Braziliýanyň “Flamengo” toparyň bilen duşuşan “Bawariýa” garşydaşyny 4-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ilkinji 10 minutda 2 gol salan “Bawariýanyň” adyndan Pulgar (6, ö.d.), Keýn (9, 73) hem-de Goretska (41) tapawutlandy. “Flamengodan” Žerson (33) hem-de Žoržinionyň (55 p) gollary ýeňşe ýetmedi.
Şeýlelikde, çärýek finalda “Palmeiras” bilen “Çelsi”, PSŽ bilenem “Bawariýa” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklar 5-nji iýulda oýnalar.