Awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar dürli ugurlarda peýdalanylyp, adamlaryň fiziki zähmetini ýeňilleşdirýär. Hytaýda çaý ýapraklaryny ýygnaýan robot işlenip taýýarlandy. Agramy 550 kilograma barabar bolan enjam Gün paneli bilen üpjün edilipdir. Ýurduň Hançžou şäheriniň golaýyndaky çaý meýdanlarynda peýdalanylýan robot ýerli daýhanlara kömek edýär. Enjam bahar paslynda hasyly alynýan ýokary hilli çaýy ýygnaýar. “Longjing” atly bu çaý Hytaýyň iň meşhur on çaýynyň biri hasaplanýar. Gök çaý özboluşly ýaşyl reňki, hoşboý ysy, ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar.
Roboty Çzeszýan ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň Maşyngurluşyk inženerçiligi bölüminiň dosenti Jia Jianmin işläp taýýarlapdyr. Jia bir ýa-da iki ýaprakly gunçalaryň şekiliniň ýokary hilli hasaplanýandygyny belleýär. Şeýle ýapraklaryň ýygnalmagy maşynlar arkaly kyn bolup, adatça el bilen ýygnalýar. Köp mukdarda çaý ösdürilip ýetişdirilýän bu sebitde çaý ýygnamak işine ýaşlar o diýen höwesek däl. Şol sebäpli hünärmenler çaý ýygnaýan roboty işläp taýýarlapdyrlar. 2019-njy ýylda işlenip taýýarlanmagyna başlanan robot gunçany we ýapragy anyklap, ony gerekli ýerinden kesip bilýär. Soňra bolsa ony sorup, sebedine taşlaýar.
Şu ýylyň başynda robotyň bäşinji nesli işlenip taýýarlanypdyr. Täze maşyn gunçany we ýapragy 86 göterim derejesinde dogry kesgitleýär. Şeýle hem bir ýapragy 1,5 sekuntda ýygnaýar.
Abadan Kurbanowa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy.