Angliýanyň “Çelsi” kluby hemişekiler ýaly, oýunçy düzümine goşman durup bilenok. London şäheriniň kluby portugal topary “Sportingden” 2 sany ýaş futbolçyny transfer etdi. Iňlis kluby 19 ýaşyndaky hüjümçi Jeowani Kuenda bilen 20 ýaşyndaky ýarymgoragçy Dario Essugony transfer etdi. Kuenda üçin 52 million, Essugo üçinem 22, jemi 74 million ýewro tölejek “Çelsi” portugaliýaly oýunçylaryň ikisi bilenem uzak möhletleýin şertnama baglaşar. Essugo häzirki wagtda Ispaniýanyň “Las Palmas” toparyna kärendesine çykyş edýär.