Angliýanyň “Premier Ligasynda” täze ýylyň ilkinji günlerinde 2 uly klub tälimçisini çalyşdy. Ýagny “Çelsiden” soň “Mançester Ýunaýted” hem tälimçisini ugratdy. “Mançester Ýunaýted” 2024-nji ýylyň noýabrynda  bellenen 40 ýaşyndaky (27-nji ýanwarda 41 ýaşaýar) portugaliýaly Ruben Amorimiň tälimçiliginde 63 oýunda 25 ýeňiş gazandy. 23 oýunda utulyp, 15 duşuşykda deňme-deň oýnady. Şu möwsümde 20 tapgyry tamamlanan Angliýanyň çempionatynda “Mançester Ýunaýted” 31 utuk toplap, 6-njy orunda barýar.

Ruben Amorim “Mançester Ýunaýtedden” öň Sporting” toparyny türgenleşdirip, lissabonlylar bilen 2-si çempionlyk jemi 5 kubok gazanypdy. Ol “Sportingden” öňem “Braga” toparyna tälim berip, ýurduň kubogyny eýeläpdi.

“Mançester Ýunaýted” esasy tälimçisini tapýança, topara wagtlaýynça klubuň ozalky oýunçylaryndan Darren Fletçer tälim berer.