“Serie A”-da 1 ýyllyk arakesmeden soň 4-nji çempionlygyny gazanan “Napoli” toparynda tälimçi Antonio Konteniň klubda galýandygy mälim edildi. Ady “Ýuwentus” bilen agzalýan Konteniň “Napoli” klubunyň ýolbaşçylaryndan aýlyk haklaryny gowlandyrmak islegi bardy. Şunlukda, “Napoliniň” prezidenti Aurelio Di Laurentis tälimçiniň isleginiň ýerine ýetiriljekdigini habar berdi.

Ondan daşary-da ýyldyz oýunçylary klubuň düzümine goşmak isleýändiklerini beýan etdi. Kewin de Bruýneniň klubuň düzümine goşulmagy üçin tagalla barynyň edilýändigini hem belläp geçdi.

Şeýle-de, transfere 200 million ýewro möçberinde maýa goýmaga taýýar bolan topar “Lillden” kanadaly hüjümçi Jonatan Dewidi hem transfer etmäge ýakyn. “Lill” bilen şertnamasy tamamlanan Dewidiň “Inter” bilen ady agzalýardy.