UEFA Çempionlar Ligasynda sişenbe we çarşenbe günleri çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary geçiriler. 7-nji aprelde “Real Madrid” bilen “Bawariýa”, “Sporting” bilenem “Arsenal” duşuşar. 8-nji aprelde “Pari Sen-Žermen” “Liwerpuly”, “Barselona” “Atletiko Madridi” kabul eder. Duşuşyklaryň ählisi hem Aşgabat wagty bilen ýarygijede (00:00) başlanar.
“Real Madrid” bilen “Bawariýanyň” arasyndaky oýna angliýaly Maýkl Oliwer eminlik etse, bu iki toparyň arasyndaky 29-njy duşuşyk bolar. Mundan öňki 28 oýunda “Real” 13, “Bawariýa” 11 gezek ýeňiş gazanyp, 4 duşuşyk deňlikde tamamlandy.
Ertirki “Sporting” bilen “Arsenalyň” arasyndaky oýna bolsa germaniýaly Daniel Sibert eminlik eder. Bu duşuşyk iki toparyň arasyndaky 5-nji oýun bolup, olar soňky gezek geçen möwsümde Çempionlar Ligasynyň liga tapgyrynda duşuşypdy we şonda Arsenal 5-1 hasabynda ýeňipdi. Bu duşuşykdan öňem “Arsenal” bilen “Sporting” 4 gezek duşuşdylar. Şol 4 duşuşyk hem Ýewropa Ligasynyň çäginde bolup, 3 oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlanyp, 1 duşuşykda-da iňlis kluby 1-0 hasabynda ýeňdi. 2018/19 möwsüminde toparçada Lissabonda “Arsenal” 1-0 hasabynda ýeňip, Londonda golsuz deňme-deň oýnady. 2022/23 möwsüminde bolsa 1/8 finalda Lissabonda 2-2, Londonda 1-1 hasaplar bilen tamamlanan duşuşyklaryň netijesinde “Sporting” 11 metrlik urgulary arkaly ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykdy.
PDF









