Ýurdumyzda tebigaty aýap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Seýrek duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň goraglylygyny üpjün edilýär, ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Seýrek duş gelýän jandarlaryň biri hem gum pişikleridir. Diňe yssy, gurak sebitlerinde ýaşaýan bu jandarlar çöllerden, ösümlik ýok diýen ýaly, gyrymsy agaçlar bilen örtülen gaýaly jülgelerde duş gelýär. Gum pişikleri zäherli ýylanlary awlamagy bilen meşhurdyr. Gyş paslynda kä halatlarda obalara, ilatly ýerlere aralaşsalar-da öý mallaryna, towuk-towşanlaryna, pişiklerine hüjüm etmeýärler. Bu jandarlar medeni zolaklardan we suwly ýerlerden uzakda – çölde ýaşaýar. Ýabany pişikleriň kiçiräk görnüşi bolan jandar açyk çal, çägesöw reňkde bolup, käbirinde garamtyl zolaklar hem bolýar. Göwresiniň uzynlygy bary-ýogy 50 santimetr töweregidir. Onuň kiçijik gulagy bolup, hininiň içinde arkaýyn hereket edip bilýär. Gum pişiginiň eşidiş duýgurlygy öý pişiginiňkiden has ýitidir. Jandar, adatça, gündiz hininde dynç alyp, gijelerine aw edýär. Gum pişigi ownuk gemrijileri, oňurgasyz jandarlary, towşanlary, zäherli ýylanlary we gijesine uçýan guşlary awlaýar. Gum pişigiň penjeleriniň aşaky böleginde galyň sütükli örtük bolýar. Bu örtük jandaryň gyzgyn çägede arkaýyn hereket etmegine kömek edýär. Şeýle hem bu örtük jandaryň aýak yzyny galdyrmaýar. Netijede, ony yzarlap tapmak aňsat bolmaýar.

Çeper Jumaýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler bölüminiň hünärmeni.