8.9 C
Aşgabat

Krossword №1


Krosswordyň soraglary

1. Bedenini, tenini, inini arassa, päk saklaýan.
2. Degişgenlik, göwnaçyklyk.
3. Adaty garlawaçdan ulurak sarymtyl-gara reňkli guş.
4. Bäbek gundalanda arassaçylyk üçin içinden goýulýan bölek mata.
5. Oba ýaşulusy, kethuda.
6. Materik
7. Alyp-ýolup barýan, aldajy.
8. Uzyn we gysga çekimlili bogunlaryň belli bir tertipde gezekleşip gelýän şygyr ölçeginiň ady.
9. Ylmy esasda alnyp barylýan gözleg.
10. Et, sogan goşulyp, jöwenden bişirilýän, taýynlanýan nahar
11. Ertekilerdäki hyýaly guş.
12.
13. Setanda-seýranda, käwagt, örän seýrek.
14. Dyngy, dynçlyk; kanagat.
15. Halylara, eňsä salynýan gyra nagşy.
16. Aýyň ýüzüne Ýeriň kölegesi düşmek.
17. Hiç zatdan doýmaýan, nebisli.
18. Geçiniň bir ýaşyna ýeten erkegi
19. Gowanyň agzyndaky ýüp baglanýan atanak agaç.
20.
21. Dynç almak üçin gullukdan, işden wagtlaýyn boşaýyş
22. Haýsy-da bolsa bir halkara guramasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy.
23. Dok däl, maňzy doluşmadyk şänik.
24. Bir zady geň görüp aňk bolmak, agzyňy öweltmek.
25. Diňe ýagşy günüňde aşyňy iýmek üçin dostlaşýan adam.
26. Okuw dersi
27. Awstraliýanyň paýtagty
28. Agşamara oglanlaryň iki tarap bolup, süňk zyňyp oýnaýan milli oýny.
29. Tazyny, elguşy aw awlamak üçin goýbermek, aw etdirmek.
30. Süýümden işilen ýogyn ýüp, urgan, kement.