Gözel diýarymyzda beýleki janly-jandarlar bilen bir hatarda guşlaryň sany we görnüşi hem örän köp. Ornitolog alymlar geçen asyryň ortalarynda ýurdumyzyň çäginde hemişelik mesgen tutan, möwsümleýin uçup geçýän ýa-da gyşlaýan guşlary öwrenip başladylar. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ýurdumyzyň ornitofaunasynyň düzümi barada maglumatlaryň ýylsaýyn üsti ýetirildi. 1952-nji ýylda 367, 2011-nji ýylda 417, 2013-nji ýylda 422, 2018-nji ýylda bolsa 436 görnüş hasaba alyndy. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde we ona golaý meýdanlarda guryýer, şeýle hem suw-batgalyk guşlaryň ýaşamaklary, höwürtgelemekleri we köpelmekleri üçin amatly ýerler (Gaplaňyr, Gaňňagyr, Goýungyrlan, Tärimgaýa belentlikleri Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor kölleri we başgalar) bar. Bu ýerler iýmite baý bolmagy bilen guşlary özüne çekýär we olaryň iýmitlenmegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şert döredýär.
Geçirilen gözlegleriň netijesinde, 2023-nji ýylda guşlardan 3 görnüşi (turlutaý, çypar ýelbe, gaýa süleçisi) täzeden hasaba alyndy we goraghananyň guşlaryň sanyna goşuldy.
Şeýle guşlaryň biri-de, çypar ýelbedir. Çypar ýelbe (Crex crex) durna şekillileriň toparynyň suw towuklary maşgalasyna degişli bolup, çünki gysga we konus şekilli, sarymytyl reňkli, jokjokudan ulurak bolýar. Reňki goňurrak çalymtyl-çypar bolup, arkasy alarak, böwürleri kese ak zolakly, bokurdagy agymytyl, döşi we petekesi çyparrak çal, ganatlary goýy çypardyr. Bu guşlar ýerde örän çalt ylgaýar, gysga aralygy ýerläp uçanda, uzyn aýaklary tagaşyksyz sallanýar.
Çypar ýelbe Ýewropanyň günbatar çäginden Gündogar-Günorta Sibire çenli ýaýrandyr. Orta we Merkezi Aziýada diňe Gazagystanyň demirgazygynda we gündogarynda, Altaýda höwürtgeleýär. Merkezi we Günorta Afrikada, Madagaskarda gyşlaýar. Türkmenistanda Hazar deňiziniň gündogar kenaryndan Amyderýa çenli, möwsümleýin uçup geçýän döwründe hemme ýerlerde duşýar.
Bu guş Türkmenistanda uçup geçýän görnüş bolup, dürli landşaftlarda ýaşaýar, köplenç oazislere ýakynlaşanyny gowy görýär. Ýazyna aprel-maý aýlarynda, güýzüne awgustyň ortasyndan oktýabryň aýagyna çenli uçup geçýär. Bu guşlar mör-möjekler, gurçuklar, ösümlikleriň däneleri bilen iýmitlenýärler. Geçirilen gözegçilikleriň netijesinde, goraghanada we oňa golaý meýdanlarda guşlaryň görnüş düzüminiň artandygy bellenildi. Bu bolsa, goraghananyň meýdanlarynda we ýanaşyk ýerlerde guşlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanandygyny, iýmit gorunyň ýeterlikdigi, kert gaýaly belentlikleriň bardygy, suw aýtymlarynyň köpdügi bilen düşündirilýär.
Geçirilýän ylmy işleriň, gözegçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň goraghanalarynda guşlaryň sanynyň artýandygy anyklandy. Bu bolsa goraghanalaryň meýdanlarynda we ýanaşyk ýerlerinde guşlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanandygy bilen düşündirilýär. Umuman, çypar ýelbe tebigatyň täsin jandarydyr.
Rejepgül Huddyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









