Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da, Hu­nan we­la­ýa­ty­nyň Wu­lin­ýu­an go­rag­ha­na­sy­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Çžansz­ýaý­ze mil­li tokaý se­ýil­gä­hi dün­ýä­niň tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Wu­lin­şan dag­lyk ul­ga­my­na de­giş­li bo­lan bu se­ýil­gä­hiň tut­ýan meý­da­ny 4 müň 810 gek­ta­ra ba­ra­bar. Çžansz­ýaý­ze 1982-nji ýyl­da mil­li se­ýil­gäh hök­mün­de yk­rar edil­ýär. 1992-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len se­ýil­gäh­dä­ki dik ga­ýa­la­ryň we to­ka­ýyň uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýag­şyň köp ýag­ma­gy, ho­wa­nyň we çyg­ly­ly­gyň üýt­ge­me­gi bi­len eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýar.
Kwars­dan we daş jyn­syn­dan dü­zü­len dik ga­ýa­lar se­ýil­gä­hiň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, iň uzyn ga­ýa­nyň be­ýik­li­gi 1080 met­re ýet­ýär. Hy­taý­ly­lar bu ga­ýa­ny «Awa­tar-Hal­le­lu­jah da­gy» di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Sy­ýa­hat­çy­lar bol­sa oňa «Awa­tar da­gy» diý­ýär­ler. Se­ýil­gäh­de 3 müň­den gow­rak ga­ýa bo­lup, ola­ryň üç­den bi­ri 200 metr­den be­ýik­dir. Se­ýil­gä­hiň iň be­ýik no­ka­dy 1890 met­re ba­ra­bar Dou­peng da­gy ha­sap­lan­ýar. Ga­ýa­nyň da­şyn­dan aý­la­nyp ge­çil­ýän (uzyn­ly­gy 100 metr, ini 1,5 metr) py­ýa­da aý­na ýo­ly, as­man köp­rü­si (Zhang­jia­jie Grand Canyon) we açyk kap­su­la­ly «100 až­dar­ha lif­ti» (Bai­long Lift) se­ýil­gä­hiň iň meş­hur ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, se­ýil­gä­hiň dü­zü­min­de bir­nä­çe go­wak, eme­li Bao­feng kö­li bar.
Mil­li se­ýil­gäh­de 3 mü­ňe go­laý ösüm­lik ös­ýär. Dün­ýä­de seý­rek duş gel­ýän kep­de­ri aga­jy­ny, ging­ko we gy­zyl aga­jy­ny bu ýer­de gör­mek bol­ýar. Se­bi­tiň haý­wa­nat dün­ýä­si hem köp gör­nüş­li bo­lup, 500-den gow­rak jan­ly-jan­dar ýa­şa­ýar.