Dogry iýmitlenmek üçin witamine we mineral maddalara baý tebigy önümleri iýmeli. Ýylyň islendik paslynda adam bedeni ýokumly iýmitlere zerurlyk duýýar. Adam bedeniniň talap edýän witaminleriniň biri hem D witaminidir. Tene Gün şöhlesiniň düşmegi netijesinde emele gelýän D witamini bedeniň kadaly işlemegini üpjün edýär. Adamyň ýapyk ýerlerde has köp wagt geçirmegi D witaminine bolan zerurlygy has-da artdyrýar. Eýsem bu witamin has köp haýsy miweleriň düzüminde saklanýarka?!
Garpyz. Ozalky ýyllarda tomus, güýz we gyş pasyllarynda duş gelýän garpyzy häzirki wagtda ýylyň islendik wagtynda diýen ýaly tapmak mümkin. Düzüminde köp mukdarda suw saklaýan garpyz iýlenden soňra Güneşe çykylanda, bedende D witamininiň emele gelmegi aňsatlaşýar. Lukmanlar garpyzyň kadaly mukdaryny iýmegi maslahat berýärler.
Banan. Uludan kiçä hemmeleriň halaýan miwesi bolan bananyň düzüminde kaliý has köp saklanýar. Bu miwe diňe bedeniň D witamini almagyna ýardam etmän, eýsem, süňküň we dişiň hem berk bolmagyna ýardam edýär.
Alma. Bu miwe ýokary iýmitlilik kuwwatyny eýedir. Ýylyň dürli döwürlerinde almanyň dürli görnüşleri elýeterli bolup, düzümiden D witamini bolýar.
Üzüm. Ter hem-de guradylan üzüm D witaminine baýdyr. Bu miwe ýüregiň saglygy üçin hem peýdaly hasaplanýar.
Pyrtykal. C witaminine baýdygy bilen belli bolan pyrtykal D witamininiň emele gelmegine hem ýardam edýär. Giç ýetişýändigi üçin gyş we bahar aýlarynda has köp sarp edilýän pyrtykal adam saglygyna peýdaly miweleriň biridir.
Miwedir gök önümler D witaminini kabul etmek üçin iň gowy çeşme hasaplanýar. Miwedir gök önümlerden başga-da bu witamin süýt we süýt önümleriniň, deňiz önümleriniň düzüminde saklanýar.
Selbi Amanowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallym.