Hindistanda däp bolan baýramçylyklarda pilleri hem görmek bolýar. Dünýäde gury ýerde ýaşaýan iň uly jandarlar ýuwaş we adamyň ýakyn dosty hasaplanýar. Bu baýramçylyklarda robot pilleriň ulanyljakdygy mälim edildi. Bu täzeçil usul arkaly nesli azalýan jandarlaryň goralyp saklanmagy maksat edinilýär. Dabaralarda köp ýagtylygyň, köpçüligiň we galmagalyň bolmagy pilleri aljyradyp bilýär. Şol sebäpli kauçukdan we aýnadan öndürilen robot piller işlenip taýýarlandy. Hakyky pile örän meňzeş bolan bu robotlaryň gulaklary, holtumy we gözi oýnaýar. Ýurtda öýdeçi hasaplanýan 2 müň 700 töweregi piliň bardygy bellenilýär. Ýer ýüzünde 50 müňden gowrak Aziýa piliniň bardygy çaklanylýar. Bilermenler robot pilleriň ulanylmagynyň pilleriň sanynyň artmagyna getirjekdigine ynanýarlar.
Ogulmaral SÄHETMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.