Düýn Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglary kärhanasynyň öz işine başlamagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň gündogar sebite amala aşyran saparyna gabat gelmegi täze önümçilik düzüminiň işçi-hünärmenlerinde uly buýsanç döretdi.
Önümçilik düzüminiň işe girizilmegine bagyşlanan dabara il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri we ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler täze kärhananyň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyna mynasyp goşant goşjakdygyny nygtadylar. Bu ýerde öndürilen çalgy ýaglary daşary ýurtlardan getirilýän şu görnüşdäki önümleriň öwezini dolup, olary eksport etmekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Dabarada sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Ýaşuly nesliň wekilleri täze kärhananyň açylandygynyň nyşany hökmünde onuň toý bagyny kesdiler. Soňra önümçilik işleri, kärhananyň enjamlaşdyrylyşy, iş şertleri bilen tanyşdylar.
Häzirki wagtda täze kärhanada awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen mineral we sintetiki ýagyň 25 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Geljekde bu görkeziji iki essä çenli köpeldiler. Tehniki ähmiýetli bu önümler bir, bäş, ýigrimi litr ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, «Şir ýag» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenýär. Plastik gaplaryň hem kärhanadaky ýörite bölümde taýýarlanylýar.
Kärhanada çalgy ýaglaryny öndürmek üçin gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Beýleki käbir serişdeler bolsa diňe bir ýurdumyzyň himiýa pudagyna degişli kärhanalardan däl, eýsem, dünýä meşhur kompaniýalardan şertnamalaýyn hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär. Bu ýerde tehnikalaryň dürli görnüşi üçin çalgy ýaglarynyň, şeýle hem ýarym we doly sintetik motor ýaglarynyň köp möçberdäki görnüşi öndürilýär. Kärhananyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, önümçilik desgasynda ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Ýewropa döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýylyň ähli pasly üçin niýetlenen çalgy ýaglary öndürilýär. Olaryň hiline gözegçiligi amala aşyrýan barlaghana hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.