Daniýanyň milli poçta hyzmaty «PostNord» şu ýylyň ahyrynda hatlary äkitmegi doly bes eder. Kompaniýa muny daniýalylaryň hat ýazmagy bes edendikleri bilen düşündirýär. Ýurtda 1624-nji ýyldan bäri hat ibermek üçin poçta hyzmaty işläp gelýär. Ýöne sanly hyzmatlaryň ösmegi bilen kagyz hatlaryň ulanylyşy düýpgöter azaldy.