10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim boldy.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde degişli işler alnyp baryldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasy barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp, resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.
Daşary söwda dolanyşygyny 19,4 milliard dollara ýetirmek meýilleşdirilýär
Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu Maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowa milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze pudaklary we önümçilikleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.