9-njy dekabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň, şol sanda Türkmenistanyň, daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde «Merkezi Aziýa+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi.
Onda syýasy-diplomatik ugur boýunça hem-de söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar pandemiýa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýeňil bolmadyk şu döwürde ýurtlar bu meseläni çözmekde raýdaşlyk bildirip, birek-birege ýardam berýärler.
Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamak we mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny tapmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen, hususan-da, goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly bolmagy, özara söwda dolanyşygynyň we üstaşyr daşamalaryň ygtybarly ulgamyny saklamak üçin degişli işleri geçirýär.
Taraplar sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallaryň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda halkara terrorçylyga garşy netijeli göreşmek global talaplaryň biri bolup durýar. Bu meseläniň çäklerinde, aýratyn hem, Owganystanda ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine we bu ýurtda parahatçylyk döredijilikli işlere üns berildi.
* * *
9-njy dekabrda Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşik tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalardan bolan parlamentariler we bilermenler bilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyna gatnaşdylar.
Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy «Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler» diýlip atlandyryldy.
Onuň çäklerinde milli Parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornuny güýçlendirmek hem-de häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geljek ýylyň ýanwaryndan ählihalk ara alnyp maslahatlaşmadan soň kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun güýje girýär. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda kanunçylyk häkimiýetini dolandyrýan täze wekilçilikli edara — iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat Milli Geňeş işläp başlar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler.
Interaktiw söhbetdeşligiň barşynda Parlamentara gatnaşyklaryň orny hem-de wezipeleri barada pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, umumy dünýä ösüşiniň global meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada bir pikire geldiler.
* * *
9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna pul gatançlaryny yglan etmek boýunça ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Gazna 15 ýyl mundan ozal, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyna laýyklykda döredildi. Ol geçen ýyllaryň dowamynda çökgünlikden ejir çeken adamlaryň goragyny we olara kömek berilmegini üpjün etmek üçin ýeke-täk ählumumy netijeli guraldygyny subut etdi. Häzirki forum BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan çagyryldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň milli Liderimiziň ynsanperwer ýörelgelere daýanyp, sebitiň ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirlerini ýeňip geçmekleri üçin olara yzygiderli kömek berýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda hem-de halkara jemgyýetçiligiň dünýä derejesinde amala aşyrýan hereketlerine goldaw bermek maksady bilen, biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda ýokarda agzalan gazna hoşniýetli erki bilen ilkinji pul gatanjyny — ABŞ-nyň 100 müň dollaryny geçirdi.
BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen dünýäniň döwletlerine we halklaryna ynsanperwer kömekleri bermäge gönükdirilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam edip, Türkmenistan 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna nobatdaky pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi. Onuň möçberi hem ABŞ-nyň 100 müň dollaryndan ybaratdyr.