Garpyz saglyk üçin peýdaly bakja önümleriniň biri bolup, esasy aýratynlygy bedeni arassalamakdyr. Garpyzyň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolup, agramy boýunça 6% şeker saklanýar. Bu bakja önümi A, B, C witamininiň we foliý turşusynyň çeşmesini özünde jemleýär. Garpyz diňe bir immuniteti berkitmäge ýardam etmän, eýsem, nerw ulgamynyň kadaly işlemegini, täze gan öýjükleriniň döremegini üpjün edýär. Bulardan başga-da, garpyzdaky demir, kaliý, natriý, fosfor, magniý ýaly maddalar bedendäki artykmaç duzlary aýyrmakda, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirmekde, ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirmekde peýdalydyr. Garpyzyň bagyr we peşew ýollaryny arassalaýandygy hemmämize mälimdir. Garpyz tomus paslynyň yssy günlerinde suwsuzlygy gandyrmakda hem ähmiýetlidir. Bu bakja önüminden terligine iýilmek bilen bir hatarda, süýjülik desertleri, dürli içimlikler we şerbetler taýýarlanylýar. Käbir ýerde garpyzdan buglanan we duzlanan tagamlar hem bişirilýär.
Köpimiz garpyzy gyzyl etli, gabygy ýaşyl zolakly togalak görnüşde göz öňüne getirýäris. Emma dünýäde bu bakja önüminiň gabygynyň we etiniň reňki bilen tapawutlanýan dürli görnüşi bar. Mysal üçin, garpyzyň gabygy ak, gara, açyk ýaşyl, goýy ýaşyl, ýaşyl zolakly, gara zolakly, eti bolsa gyzyl, gülgüne, ak ýa-da sary görnüşleri bar.
Garpyz barada
Gök bakja önümleriniň biri bolan garpyzyň dünýäde 200-300 töweregi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Garpyzyň ata Watany Günorta Afrika hasaplanýar. Ondan soňra bu bakja önüminiň çigidi Müsüre ýaýrapdyr. X asyrda garpyz hytaýlylara mälim bolýar. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen bu bakja önümi tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Ýewropa ýurtlarynda garpyz XII-XVII asyrlarda peýda bolýar. XVI asyrda bu bakja önümi ilkinji gezek Amerika getirilýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde diýen ýaly garpyz ösdürilip ýetişdirilýär. Garpyzy iň esasy öndürijiler Hytaý, Türkiýe, Eýran, Müsür, Amerika ýurtlary we Özbegistan hasaplanýar. Ýaponiýada garpyzyň iň täsin görnüşleri – dörtburç, piramida görnüşli, sary etli garpyzlar ösdürilip ýetişdirilýär. Ortaýer deňziniň kenarynda ýetişdirilýän garpyzlar dünýäniň iň süýji garpyzlary hasaplanýar. Dünýäde garpyzyň gündelik sarp edilişi boýunça Amerika yklymy birinji orunda durýar.