5-nji fewralda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Halkara Merkezi Aziýa instituty bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ählumumy we sebit hyzmatdaşlygyna goşandy» atly tegelek stoly geçirildi.
Gibrid görnüşde geçirilen tegelek stol öz işini iki bölümçede dowam etdirdi.
Çärä BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara aragatnaşyklar we dostlukly gatnaşyklar komitetiniň, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň, diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda ýurduň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki meselelerine bolan garaýyşlaryny beýan edýän we döwletleriň tagallalaryny konstruktiw gepleşikleriň üsti bilen berkitmegiň zerurdygyny belleýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna aýratyn ünsi çekdi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» yglan etmek baradaky Kararnamasynyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň we jogapkärli gatnaşyjysy bolup durýandygyny, howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk we ösüş pudagynda dünýä we sebit meýilnamalarynyň emele gelmegine we durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýandygy bellenildi.