Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Çeşme: medeniyet.gov.tm