Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem dünýäde bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adamyň ýaşaýan dünýämiziň ekologiýa ýagdaýy üçin jogapkärçiligi, tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamak işine gatnaşmaga mümkinçilikdir. Ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
1972-nji ýylda Stokgolmda geçirilen Bütindünýä daşky gurşawy goramak maslahatyna dünýäniň 113 döwletiniň wekilleri gatnaşdy. Şol maslahata gatnaşyjylar her ýyl 5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň bellenmegi hakynda karar kabul etdiler. Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni BMG üçin daşky gurşaw meselesine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegiň, syýasy gyzyklanmany we degişli çäreleri höweslendirmegiň esasy usullarynyň biridir.
Daşky gurşawy goramak häzirki şertlerde adam bilen tebigatyň arasyndaky özara hereketiň täze görnüşidir. Ol jemgyýetiň we tebigatyň sazlaşykly hyzmatdaşlygyny, hereket edýän ekologiýa ulgamlar we tebigy serişdeleriň saklanyp, geljek nesiller üçin gaýtadan döredilmegini üpjün edýän döwlet we jemgyýetçilik çäreleriniň (tehnologik, ykdysady, administratiw-hukuk, bilim, halkara) ulgamydyr. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri iň möhüm meseleleriň hatarynda durýar.
Her medeniýetli döwletde daşky gurşawy goramak jogapkärçiligi bilen meşgullanýan köp guramalar bar. Şu ýerde käbir mysallar getirmek bilen, daşky gurşawy goramagyň näderejede ähmiýetlidigini düşündirmek bolar. Ekoulgamlaryň zaýalanmagy dünýä ilatynyň müňlerçesiniň abadançylygyna täsirini ýetirýär. Ýer ýüzünde dürli sebäplere görä her ýyl 10 million gektardan gowrak tokaý ýitýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa, dürli taslamalar we öňüni alyş çäreleri geçirilýär.
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.