Wengriýanyň 3-nji uly şäheri Segedde ýerleşýän “Szent Gellert Forum” stadiony yklymyň iň owadan stadionlarynyň biri hasaplanýar. Bu ajaýyp desga şäheriň “Seged-Çanada Groşiça Akademiýa” futbol klubuna degişli bolup, topar häzirki wagtda 2-nji ligada çykyş edýär.

UEFA-nyň 4-nji kategoriýadaky, ýagny ýokary derejeli stadionlaryň hatarynda bolan bu desga 8 müň 256 tomaşaça niýetlenendir. 2018-2019-njy ýyllarda gurluşygy alnyp barlan stadion üçin 34 million ýewro golaý çykdajy edilýär.

2019-njy ýylyň awgustynda açylan stadiondaky ilkinji duşuşykda “Seged-Çanada Groşiça Akademiýa” topary Italiýanyň “Lasio” topary bilen duşuşýar.

Stadionyň iň esasy aýratynlygy, ýagny köçeden seredeniňde, her dört burçundan desganyň içiniň görünýändigidir.

Meýdançasy hakyky ýaşyl ot bilen örtülen desganyň ýanynda türgenleşik üçin iki sany meýdança hem bar. Stadionyň ýaşyl meýdançasynyň uzynlygy 105, ini 68 metre deňdir.