15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgamy ösdürmek, bank hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak, menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan teklip edilýän “Menzilara bank” ulgamynyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň, elektron tölegleriň geriminiň yzygiderli artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.