Ýewropanyň iň uly ýurtlarynhň biri bolan Fransiýada daşky gurşawyna degişli maksatnamada bellenen kadalara ýetilmegi üçin demir ýol ulgamyna degişli taslamalar durmuşa geçiriler. Ýurtda 2040-njy ýyla çenli 100 milliard ýewro maýa goýum goýberiler. Täze taslamalary SNCF demir ýol edarasy, Ýewropa Bileleşigi we ýerli häkimiýetler bilelikde amala aşyrar.

Ýurduň hökümet başlygy Elizabet Born demir ýol şahalaryny giňeltmek we gowulandyrmak maksatnamasynyň Pariždäki ulgama meňzeş ýokary tizlikli elektrikli otlularyň uly şäherlerde ýola goýulmagy öz içine alýandygyny belledi.

SNCF kompaniýasy golaýda 2022-nji ýyldaky girdejisiniň 19 göterim artyp, 41,35 milliard ýewro ýetendigini mälim etdi.