Hy­taý­ly alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ba­ly­gyň tä­ze gör­nü­şi anyk­lan­dy. De­ňiz­çi­lik bi­len bag­ly dür­li ylym mer­kez­le­ri­niň bi­ler­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ta­py­lan ba­ly­gyň «Branchi­os­te­gi­dae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li­di­gi we um­ma­nyň çuň­luk­la­ryn­da ýa­şa­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. De­ňiz jan­da­ry­nyň gör­nü­şi­ni anyk­la­mak üçin ge­ne­ti­ki bar­lag­lar ge­çi­ril­di. 600 met­re ba­ra­bar çuň­luk­da ýa­şa­ýan ba­ly­ga meş­hur ýa­pon ani­ma­si­ýa fil­mi «Şa­gy­zy Mo­no­no­ke»-niň baş gah­ry­ma­ny Sa­na meň­ze­ýän­di­gi üçin «Sa­nae» diý­lip at da­kyl­dy.
Haý­ýao Mi­ýad­za­ki­niň re­žiss­ýor­ly­gyn­da 1997-nji ýyl­da köpçülige ýetirilen mult­film pro­kat­lardan 120 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak gir­de­ji ga­za­nyp­dy. Ýü­zün­de gy­zyl reňk­li na­gyşlary bo­lan şa­gy­zy Sa­na film­de adam bi­len te­bi­ga­tyň ara­syn­da­ky gö­re­şi su­rat­lan­dyr­ýar. Yl­my bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri «Zoo­Ke­ys» at­ly žur­nal­da çap edil­di.

Fi­ru­za BA­BA­ÝE­WA,
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.