UEFA Çempionlar Ligasynda Lissabonda oýnalan “Benfika” bilen “Real Madridiň” arasyndaky duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçdi.Ussat tälimçi Žoze Mourinio öňki klubuna garşy ýeňiş gazanmagy başardy. Ispan topary Mbappeniň goly bilen hasaby açsa-da, Mourinionyň häzirki şägirtleri Şelderupyň (36, 54) hem-de Pawlidisiň (45+5 p) gollary esasynda 3-1 hasabynda öňe saýlandy. 58-nji minutda şu möwsümdäki 41-nji goluny salan Mbappe aratapawudy azaltsa-da, 90+8-nji minutda portugal toparynyň ukrainaly derwezeçisi Anatoliý Trubiniň kelle urgusyndan geçiren goly ýer eýeleriniň sanawdaky ornuna uly täsir etdi. Şol goluň saýasynda “Benfika” -2 gol aratapawudy bilen pleý-offa ýollanma berýän iň soňky orny, 24-nji ýeri eýeledi. 8 oýnuň 3-sinde utulan “Real Madrid” topary ilkinji 8-lige düşüp bilmän, 9-njy orna mynasyp boldy we 1/8 finala düşmek üçin pleý-off duşuşyklaryny geçirmeli bolar.
PDF









