Almatyda “Digital Almaty 2025” halkara sanly forumy öz işine başlady. Her ýyl guralýan “Digital Almaty” forumy 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär we adatça, oňa işewürleriň, IT jemgyýetleriniň, döwlet edaralarynyň we halkara hünärmenleriniň wekilleri gatnaşýar. Bu ýylky forumyň mowzugy: ” Industrial AI: täze eýýäm üçin tehnologiýalar” diýlip atlandyrlýar.
Umumy mejlisleriň dowamynda emeli aňyň ornaşdyrylmagy, tehnologik ösüş mümkinçilikleri, şeýle hem Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynda sanlylaşdyrma taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.
Forumyň çäklerinde hökümet Baştutanlary sanly çözgütleriň sergisine hem baryp görerler. Sergide 230-dan gowrak kompaniýa IT pudagyndaky ösüşlerini ýaýbaňlandyrar.