Dil bi­rek-bi­rek bi­len öza­ra ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gyň esa­sy se­riş­de­si bo­lup, söz­le­ýiş we ýa­zuw ar­ka­ly ýü­ze çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 7 müň töweregi dil bo­lup, şo­la­ryň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gyn­da 100 müňe golaý adam gep­leş­ýär. Her ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ryn­da Hal­ka­ra ter­ji­me­ gü­ni bel­le­nil­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dil­ler ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris.

Dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­sy 23 di­liň haý­sy hem bol­sa bi­rin­de gep­le­ýär.
Dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy bir­den köp dil bil­ýär.
Şu­mer di­li mi­la­dy­dan öň­ki 3500-nji ýyl­la­ra de­giş­li iň ga­dy­my ýa­zuw di­li­dir, on­dan soň­ra mü­sür we hy­taý dil­le­ri gel­ýär.
Pa­pua Tä­ze Gwi­ne­ýa dün­ýä­de iň köp dil­li ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da 841 dil bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri­ne az san­ly adam dü­şün­ýär.
Fran­suz di­li söý­gi ba­bat­da iň süý­ji dil hök­mün­de ta­nal­ýar.
Pa­pua di­li­niň ýa­zu­wyn­da 11 harp ula­ny­lyp, iň ki­çi elip­biý­li dil ha­sap­lan­ýar.
Man­da­rin­çe ene dil hök­mün­de iň köp gep­le­şil­ýän dil ha­sap­lan­ýar. 1,3 mil­liard­dan gow­rak ila­ty bo­lan Hy­ta­ýyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy bu dil­de gep­le­ýär.
Iň köp öw­re­nil­ýän dil iň­lis di­li bo­lup, dün­ýä ila­ty­nyň kö­pü­si ony ikin­ji dil hök­mün­de bil­ýär.
Dün­ýä­niň iň uzyn elip­bi­ýi bo­lan kam­bo­ja di­lin­de 73 harp bar. Şeý­le hem kam­bo­ja di­li öw­ren­me­si kyn dil­le­riň bi­ri­dir.
«Elip­biý» arap di­li­niň il­kin­ji harp­la­ryn­dan eme­le ge­len söz­dür. Bu ma­ny­da­ky söz Ýew­ro­pa dil­le­ri­niň kö­pü­sin­de grek di­li­niň il­kin­ji harp­la­ry bo­lan «al­fa» we «be­ta»-nyň go­şu­lyp ýa­zyl­ma­gy bi­len «Alp­ha­bet» gör­nü­şin­de dö­räp­dir.
Dür­li yl­my we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ryň köp­dü­gi se­bäp­li iň­lis we fran­suz dil­le­ri in­ter­net­de ula­nyl­ýan iň meş­hur dil­ler­dir. Yl­my mag­lu­mat­la­ryň 80 göterimi iň­lis di­lin­de el­ýe­ter­li­dir.
Dil­le­riň kö­pü­sin­de aýal-gyz­la­ryň we er­kek­le­riň lek­si­ka­sy bar bol­sa, ne­mes di­lin­de üçün­ji to­par – aý­ra­tyn­lyk­da og­lan­la­ryň lek­si­ka­sy hem bar.
ABŞ-da 300-den gow­rak dil­de gep­le­şil­ýär. Ýurt­da iň­lis di­li ýör­gün­li hem bol­sa, ABŞ-nyň fe­de­ral de­re­je­de bel­le­nen res­mi di­li ýok. Iň­lis di­li söz­lük dü­zü­mi baý­laş­ýan hem-de ös­ýän dil­dir.